Ulugbek Muhammet Taragaý
Özünden öň: Halyl Soltan
Özünden soň: Abdul Latyf
Doguldy: 22.03.1394. Persiýa, Soltanyýe
Öldi: 27.10.1449. Samarkant.
Gubury: Gur Emirde
Asly: Teýmirleňden gaýdan
Kakasy: Şahruh
Ejesi: Göwherşat begim
Aýaly: Ak Soltan Hanika, Öge begim
Çagalary: Ybadylla Mirza, Hasiba Soltan Hanzada, Abdulla Mirza, Abdyrahman Mirza, Abdul Latyf, Rabyýa Soltan Begim.
1394-1449-njy ýyllarda ýaşap geçen özbek astronomy, Teýmirleňiň agtygy, 15 ýaşyndan, 1409-njy ýyldan Samarkandyň häkimi, 1447-nji ýyldan bolsa Teýmirleniň guran ägirt döwletiniň hökümdary bolýar. Ol 1424-nji ýylda Gündogaryň iň uly obserwatoriýasy silindr şekilli 3 gatly jaý bolup, düýbüniň diametri 46 metr, beýikligi 30 metr bolypdyr. Ol 20 metrlik depäniň üstünde ýerleşýär. Şonuň üçin ol ýerden 50 metr beýiklige galypdyr. Ulugbegiň iň meşhur abzaly, onuň dugasy 40,04 metre ýetýän, 12 metr ýere çümýän «teleskopy» sekstandydyr. Mundan başga-da ol 1430-njy ýylda beýikligi 50 metre ýetýän, 175 basgançakdan durýan gün sagadyny hem döredipdir. Ulugbek asman jisimlerine köp ýyllaryň dowamynda eden gözegçilikleriniň netijesinde, düzüminde 1019 ýyldyz bolan ýyldyz zijini düzüpdir. Ulugbegiň bu ziji Ptolomeýiň ýyldyz zijinden 13 asyr soň döredilen ilkinji, had takyk zijiň biridir. Ulugbegiň ýyldyz ziji we asman jisimleri bilen bagly bolan köp işleri, şol sanda sene hasaby we ýyldyz täleýnamalary 1665-nji ýylda Oksfortda çap edilipdir. Oňa berlen düşündiriş 1853-nji ýylda Parižde çap edilipdir. Ulugbegiň ýyldyz zijinde (katalogy) özi tarapyndan ilkinji gezek kesgitlenilen ýykdyzyň 700-siniň ornuny berlipdir. Ulugbek 3500 ýylda bir gün tapawut berýän hijri-kamary senesiniň hasabyny döredipdir. Ol hasap häzir hem musulman dünýäsinde ulanylýar. Täze hijri ýylynyň we onuň täze aýlarynyň milady hasabynyň haýsy gününe gabat gelýändigi Ulugbegiň usuly boýunça şeýle kesgitlenilýär: ol hasaplanyljak ýylyň mukdaryny 210-a bölüp galan sanyny tapýar. Mysal üçin, 2000-nji ýyly 210-a bölsek, 9-dan ýetip, 110 galýar. Ol galyndynyň iň golaý sanyny Ulugbegiň birinji tablisasynyň ýokarky setirinden taplmaly, ol 90 bolar. 20 galýar, ony bolsa birinji sütünden tapýarys. Soňra 1-njy sütünden 20 bilen başlanýan setiriň 90 indirilen sütüninden tapýarys. Soňra 1-njy sütünden 20 bilen başlanýan setiriň 90 indirilen sütüniniň kesişýän öýjügini tapýarys. Ol 5-i görkezýär. Diýmek, 2000-njj ýylda hijri-kamary senesiniň täze ýylynyň birinji güni 4-nji günden başlanýar. Galan aýlaryň başlanýan günlerini bolsa 5-lige kesgitlenilýär. Ýagny 1-njy setirindäki 5-den aşak göni çyzyk inderip, galan aýlaryň başlanýan günlerini anyklap bolýar. Netijede hijri-kamary hasabynyň 2-nji aýy 6-njy güni, 3-nji aýy dynç güni, 4-nji aýy ikinji güni, 5-nji aýy 3-nji güni, 6-njy aýy anna güni, 7-nji aýy 6-njy güni, 8-nji aýy 1-njy güni, 9-njy aýy ikinji güni, 10-njy aýy 4-nji gün, 11-nji aýy 5-nji güni, 12-nji aý hepdäniň dynç güni başlanýar. Ulugbegiň hasabyndan peýdalanýan adamyň hijri-kamary senesiniň soňky aýynyň nähili ýöredilýändiginden habary bolmalydygyny belläp geçmek zerurdyr. Ulygbege hijri-kamary senesini şeýle takyklyk bilen kesgitlemäge ýardam edýän zat 210-lyk sanydyr. Ýagny onuň her bir 210 ýyldan hijri-kamary senesiniň birinji gününiň we beýleki aýlarynyň ilkinji günleriniň milady seneleriniň belli bir aýynyň hepde gününe gabat gelýändigi açandygydyr. Ulugbegiň tablisasynyň kömegi bilen, islendik sene üçin aýlaryň ilkinji günleri kesgitlenilýär. Ulugbeg ogly Abdullatifyň ogly permany bilen öldürilipdir.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]H. Meläýew.Syrly Älem.2004. sah-194-196